Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Düýn prezident Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda ýurduň oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşyna garaldy diýip, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki Türkmen döwlet habarlar gullugy maglumat berýär. Ýöne maslahatyň barşynda bu ýyl ýygnalan galla hasylynyň netijeleri barada gürrüň edilmedi.
Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurda çykmagyna çäklendirilme girizilýändigi barada habarlaryň ýaýraýan wagty, ‘seni uçara mündürerin’ diýen wada bilen adamlary aldap, olardan pul alýan käbir ‘hilegär’ toparlar barada habarlar peýda bolýar.
Täjik resmileri ýurduň günortasyndaky ýolda üstüne ulag sürlüp, soňra ýaragly we pyçakly azyndan bir hüjümçi tarapyndan hüjüm edilen dört daşary ýurtly tigirli adamyň öldürilmegine terrorizmiň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.
Orsýetiň baş mobil telefon operatory MTS anna güni, Türkmenistanda işleýän aragatnaşyk hyzmaty kärhanasynyň 2017-nji ýylda ýurduň telefon ulgamyndan kesilendigi üçin,Türkmenistanyň üstünden suda şikaýat edendigini aýtdy diýip, “Roýters” habar gullugy 27-nji iýulda habar berdi.
Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky nyrhynyň yzygiderli ýokarlanyp, 1 amerikan dollarynyň 18-20 manada baryp ýetmegi bilen, ýurduň dermanhanalarynda dermanlaryň bahalary hem aşa gymmatlaýar.
Iýul aýynda Birleşen Karollygyň Daşary işler ministrliginiň binýadyndaky Daşary gatnaşyklar edarasy “2017-nji ýyl üçin Adam hukuklary we demokratiýa” atly hasabat çap etdi. Hasabatda Beýik Britaniýanyň halkara ölçegde adam hukuklaryny ösdürmek babatda alyp barýan tagallalary hakda raport berilýär, şeýle-de dünýäde adam hukuklarynyň hem-de demokratiki gymmatlyklaryň ýagdaýyna syn hödürlenýär.
Birleşen Ştatlaryň mediasynyň habar bermegine görä, prezident Donald Trampyň öňki aklawçysy 2016-njy ýylyň iýun aýynda prezidentiň kömekçileri we bäsdeş dalaşgär Hillari Klintona zyýanly maglumatlary paýlaşmak arkaly Trampyň saýlaw kampaniýasyna ýardam bermegi teklip eden rus delegasiýasynyň arasyndaky duşuşyk barada Trampyň öňünden bilýändigini aýtdy.
Pakistanda geçirilen saýlawlaryň 25-nji iýulda aýan edilen ilkinji netijelerine görä, oppozisiýa lideri Imran Han bäsleşigiň başyny çekýär. Onuň garşydaşlary netijeleriniň jemgyýetçilige ýetirilmegi yza süýşen saýlawlarda “galplyk boldy” diýýär.
Jons Hopkins uniwersitetiniň professory Stiw Henki 23-nji iýulda Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesiniň 124 % bolandygyny aýtdy. Onuň soňky hasaplamalaryna görä, Türkmenistan inflýasiýanyň derejesi boýunça dünýäde Wenezuelladan, Eýrandan we Sudandan soň dördünji ýerde durýar. Henki mundan ozal 1-nji iýunda bu görkezijini 294 % diýip, ony dünýäde ikinji iň ýokary inflýasiýa häsiýetlendiripdi.
Türkmen häkimiýetleriniň häzirki alyp barýan maliýe syýasatlarynyň çäginde türkmen studentleri üçin oňyn çykalga mümkinmi?
Pakistanyň Kwetta şäherindäki saýlaw uçastoklarynyň açylmagynyň yzýany amala aşyrylan janyndan geçeniň hüjüminde onlarça adam öldürildi. Pakistanda geçirilýän saýlawlarda galplyga ýol berilýändigi barada öňe sürülýän çaklamalar oňa kölege salýar.
Mundan bir hepde ozal, Balkan welaýatynyň Hazar (öňki Çeleken – red.) şäherinde bäş sany gurluşykçy kämillik ýaşyna ýetmedik 17 ýaşly bir gyzy zorlap, onuň ejesini pyçaklap öldüripdir. Häzirki wagtda polisiýa gulluklary jenaýata baş goşandygy aýdylýanlaryň ikisini tapyp, güman edilýänleriň beýleki üçüsini gözleýär.
Aşgabat şäheriniň protokol köçelerinde arassaçylyk işleri birkemsiz ýerine ýetirilýän wagtynda, paýtagtyň etrapçalarynyň aralary gözgyny ýagdaýda, ýagny hapaçylyk bolmagynda galýar.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, finans taýdan raýatlara garşy girizilýän çäklendirmeleriň yzygiderli ýagdaýda agyrlaşdyrylýandygy habar berilýär. Bu çäkde söwda ýa-da başga sebäpler bilen barýan raýatlaryň daşary ýurda çykarýan walýutasynyň mukdary azaldyldy.
Hazarýaka döwletleriniň hataryna girýän 5 ýurduň ýokary derejeli resmileriniň 12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazar deňziniň kanuny statusyny kesgitlemek boýunça geçiriljek V sammite gatnaşmaklaryna garaşylýar. Gazagystanyň daşary işler ministri Kairat Abdrahmanow 17-nji iýulda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda bäş ýurduň ählisiniň diplomatiki kanallar arkaly duşuşyga gatnaşjakdygyny tassyklandygyny aýtdy. Bu barada “Interfaks” habar beripdi.
Türkmen hökümeti ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak maksady bilen diýip, dürli döwlet maksatnamalaryny kabul edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan 5-nji iýulda “adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen” diýip milli strategiýa, “alkogolly içgileriň zyýanly täsriniň öňüni almak üçin” diýip, hem-de “ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça” aýrybaşga milli maksatnamalary kabul etdi.
Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we sosial meseleler baradaky departamentiniň (UN DESA) Durnukly ösüş maksatnamasy baradaky programmasynyň “Elektron-hökümete syn 2018” atly hasabatynda 193 ýurduň arasynda 147-nji orunda ýerleşdirildi.
Russiýa Eýrany goldaýan güýçleri Ysraýylyň serhetlerinden 100 km uzaklykda saklamagy teklip etdi. Bu Ysraýylyň howpsuzlygyny kepillendirmek üçin, ABŞ bilen Ysraýylyň bilelikdäki gelen ylalaşygynyň çäginde edilen teklip boldy.
Aşgabadyň bazarlarynda mal etleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär. Mal etleriniň bahalarynyň diňe bir Aşgabadyň bazarlarynda däl, Türkmenistanyň ähli etraplarynda hem ýokarlanýandygy barada maglumatlar aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Eýranyň prezidenti Hassan Rohanä Birleşen Ştatlara “hiç haçan” gaýtadan haýbat atmazlygy duýduryp, bu gaýtalansa, onda onuň “mundan öň taryhda hiç haçan bolmadyk derejede ejir çekip biljekdigini duýdurdy”.
Ýene-de ýükle