Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistan üstümizdäki aý BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň Ahliumumy döwürleýin syny boýunça hasabat berer.
Türkiýäniň telekanallarynda görkezilip, gazetlerinde çap edilen habarlarda aýdylyşyna görä, Stambulyň Kadyköý diýen ýerinde, aýal hojaýynynyň zadyny ogurlap, hamala, ony başga biri eden ýaly görkezmäge synanyşan türkmenistanly hojalykçy bilen onuň jorasy saklanypdyr.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi we gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin Balkan welaýatynyň häkimi Satlyk Satlykowa käýinç yglan etdi”.
Mary welaýatynda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminiň başlanmagy bilen her bir edara-kärhanalara hem gurçuk tohumlarynyň berilmeli edilendigi barada maglumatlar bar.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Birleşen Ştatlaryny Siriýa garşy howa hüjümlerini amala aşyrmazlyga çagyryp, şeýle hüjümiň Ýakyn Gündogary “juda durnuksyzlaşdyrjakdygyny” aýtdy.
Dünýäde her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä Saglyk güni bellenilýär. Türkmenistanda tutuş aprel aýyny hökümet derejesinde “saglyk” aýy yglan etmek soňky ýyllarda däbe öwrüldi.
Türkmenistanda bazarlardaky nyrhlardan arzan we kesgitli bahadan azyk önümlerini satýan döwlet gözegçiligindäki dükanlarda çöregiň her adam başyna iki buhankadan köp berilmeýändigini garaşsyz çeşmeler habar berýärler.
Azerbaýjanly saýlawçylarirki prezident saýlawlarynda ses berýärler, ýurduň esasy iki oppozision partiýasy tarapyndan boýkot edilen saýlawyň awtoritar prezident Ylham Alyýewe dördünji prezidentlik möhletini bermegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ozalky başlygy Gazagystanda ýurduň ilçisi hökmünde wezipä girişdi.
Azatlygyň Mary welaýatyndaky çeşmesi Serhetabat etrabynda, şol sanda Serhetabat şäherinde ilata berilýän elektrik togynyň, tebigy gazyň, gyşyn-ýazyn diýmän, ýygy-ýygydan we yzygiderli kesilýändigini habar berýär.
Aşgabadyň polisiýasy köçä gulaklyk dakynyp çykan adamlara jerime salyp başlady diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri özleri bilen habarlaşan paýtagtyň ýaşaýjylaryna salgylanyp 9-njy aprelde habar berdi.
Orsýetiň öňki içalysynyň zäherlenen gyzy Ýuliýa Skripal Angliýanyň Salisberi şäheriniň keselhanasyndan çykaryldy.
Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki “gara bazarlarda” dollaryň bahasy ýene-de gymmatlady.
Mary welaýatynyň Murgap, Ýolöten etraplarynyň daýhanlary şu ýylky pagta ekişini berjaý edip bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkeziniň daşyna haýat aýlanyp, häzir hem onuň ýer-ýegsan edilmegine garaşylýandygy aýdylýar.
Türkmenistanda işsizlik sebäpli has köp raýatlaryň gazanç üçin daşary ýurtlara gidip başlandygy, şeýle-de, türkmen häkimiýetleriniň zähmet migrantlaryny yzyna dolamak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirendigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Türkmenistanda alyjylar jemgyýetleriniň düzümindäki edara-kärhanalar hususylaşdyrylýar.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin özüniň 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabr güni Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň çäginde gol çekilen Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasy boýunça federal kanunyň taslamasyny 7-nji aprel güni Döwlet dumasynyň garamagyna hödürledi.
Birleşen Ştatlar Orsýetiň alýuminiý ägirdi Rusalyň we onuň eýeleriniň biri bolan Oleg Deripaskanyň garşysyna sanksiýa girizeninden soň, bu kompaniýanyň paý nyrhlarynyň aşa aşaklamagy netijesinde, öndüriji bergilerini töläp bilmezliginiň mümkindigi hakda duýduryş bermeli boldy.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli saglyk öýlerinde, şypahanalarda we hassahanalarda işleýän tehniki işgärlerden, olaryň daşary ýurda gitmejekdikleri barada, dil haty alynýandygy aýdylýar.
Ýene-de ýükle