Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Garlykdaky kaliý dag-magdan toplumynyň işe girizilmeginden bir ýyl soň, resmi Aşgabat Toplumy guran belarus hünärmenlerine närazylygyny bildirdi.
Isfendiýar hanyň 1910-1918-nji ýyllar aralygynda Hywa hanlyk eden döwründe, durmuşa geçiren liberal reformalary sebäpli öldürilen baş wezir Yslamhoja barada taryhy kinofilm surata düşürilip başlandy.
Türkmenistanlylar Bütindünýä saglyk gününi tigir sürmek, ylgamak we beýleki sport hem-de baýramçylyk çäreleri bilen giňden bellediler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu çärä özüne şu aýda sowgat berlen ikinji täze tigirde gatnaşdy.
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbai Jeenbekow, prezident saýlawlaryndan bäri geçen alty aý içinde ozalky we häzirki liderleriň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagy netijesinde, ozalky prezidentiň ýakyn ýaranlary hasaplanylýan iki sany uly derejeli howpsuzlyk resmisini işden boşatdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň golaýda, 25-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda deputat saýlanandan soň wezipä bellenilen täze orunbasary Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Minsk şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Stratfor geosyýasy maglumatlar merkezi Orsýetiň we Hytaýyň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda ykdysady täsiri barada 5-nji aprelde orta göwrümli syn çap etdi.
5-nji aprel güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde, hususan-da şäheriň Parahat 1, Parahat 2/1 kiçi etrapçalarynda ýaşaýjylaryň hereket mümkinçilikleri çäklendirildi.
Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi, gowaça ekişiniň başlanmagyna garamazdan, welaýatyň gowaça ekilmeli meýdanlaryna tutulmaly ýuwuş suwunyň ýaňy berlip başlanandygyny habar berýär.
Günorta Koreýanyň sudy ýurduň öňki prezidenti Park Geun-hyeni öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we korrupsiýada günäli tapansoň, 24 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
“Şu ýylky pile möwsüminde-de býujet işgärleriniň zähmet güýjünden peýdalanylýar” diýip, 5-nji aprelde Azatlyk Radiosy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan daşoguzly diňleýjimiz habar berdi.
Birleşen Ştatlar Orsýete garşy täze sanksiýalar tapgyryny girizmekçi bolýar, bu gezek prezident Wladimir Putin bilen baglanyşygy bolan milliarderler nyşana alnar diýip, metbugat habarlarynda aýdylýar.
Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Aşgabadyň aeroportynda onlarça ýolagçynyň Türkiýä goýberilmeýändigi baradaky wideo gelip gowuşdy.
Azatlyk radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmesi Türkmenabat şäherindemekdep okuwçylaryndan ybaratgarakçylar toparynyň üstüniň açylandygyny, olaryň birnäçe aýyň dowamynda adamlary talap gelendigini habar berýär.
Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ilatyň ulanýan käbir kanselýariýa harytlarynyň bahalary yzygiderli üýtgäp, mundan ozal dollaryň bahasynyň kadaly wagty 35-40 manatdan satylan 500 listlik A4 kagyzyň gutusynyň bahasy häzirki wagtda 80 manada, ozal 30-50 teňňe aralygynda bahalanan şarly ruçkalaryň bahalary 2 manada çykdy.
Türkmenistanda aýal-gyzlaryň suwa düşülýän geýimlerini, has takygy bikini-kupalnikleri we şortylary ýurduň çäklerine getirmek gadagan edildi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi we goranmak ministriniň sowgat beren welosipedinde Köpetdagyň eteginde gezelenç etdi.
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje, Saparmyrat Nyýazow we Görogly etraplarynyň döwlet dükanlarynda ozallar adamlara döwlet bahasyndan arzan hödürlenen künjaranyň we kepegiň satuwyna gadagançylyk girizildi.
Belarusyň Döwlet medisina uniwersitetinde okaýan türkmen talyplaryna, özleri üçin Türkmenistandan ýurduň banklary arkaly ugradylan okuw töleginiň ýokary okuw jaýynyň hasabyna wagtynda geçmändigi üçin okuwdan çykarylmak howpy abanýar.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin geçen aýda prezidentlige gaýtadan saýlanaly bäri edýän ilkinji saparynyň çäginde, 3-nji aprelde Ankarada türk kärdeşi Rejep Taýýyp Erdogan bilen duşuşar.
Hindistanyň Jarhand ştatynda özüni haýwan hukuklaryny goraýjy hökmünde tanadýan 11 adam ömürlik tussaglyga höküm edildi. Olara şeýle agyr jeza sygyr etini daşaýan bir musulmany öldürendigi üçin berlipdir.
Ýene-de ýükle