Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Fransiýada prezident saýlanan Makron milletçi Marine Le Penden üstün çykmagynyň yzýany 7-nji maýda eden çykyşynda ýurduň Ýewropa bilen gatnaşyklaryny berkitmegi wada berdi.
Açlyk we agyz beklemek adamyň beýnini güýçlendirip bilermi? Britaniýanyň alymlarynyň geçiren ylmy barlaglarynyň netijelerine görä, açlyk adamlary has akylly edýär we beýniniň öýjüklerine has oňaýly täsirini ýetirýär
Azatlygyň ýerli çeşmesiniň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň ozalky ýolbaşçy işgärleriniň birine salgylanyp habar bermegine görä, bu edaranyň ozalky başlygy Baýram Hasanow türmede aradan çykdy.
Fransiýada 7-nji maýda ýurduň öz Ýewropa Bileleşigindäki öňdebaryjy ornuny saklaýandygyny ýa-da “Freksit” ýoluna düşýändigini aňladyp biljek ses berişlik, prezident saýlawlarynyň ikinji, aýgytly tapgyry başlandy.
Fransiýanyň saýlaw komissiýasy metbugata prezidentlige merkezçi kandidat Emmanuel Makronyň saýlaw toparyndan ogurlanan maglumatlary çap etmezlik barada duýduryş berdi.
Türkmenistanyň prezidenti 4-nji maýda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde baş prokuror Amanmyrat Hallyýewi, garamagyndaky işgärleriň korrupsiýa ýüz urandygyny aýdyp, wezipesinden boşatdy.
Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde, hususan-da, türkmen-owgan serhediniň golaýynda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagy sebäpli ýerli adamlaryň ellerine ýarag alyp, ýörite toparlary döredýändigi hem-de “Talyban” we beýelki jeňçi toparlara garşy göreşýändigi habar berilýär.
Russiýanyň diplomaty Türkiýe, Russiýa we Eýran tarapyndan gazanylan ylalaşygyň çäginde Siriýada dörediljek howpsuz zolaklaryň Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň söweş uçarlaryna ýapyk boljakdygyny aýtdy.
"Tesla" we “Space X” firmalarynyň esaslandyryjysy, tehnologiýa liderlerinden Elon Mask (Elon Musk) uly hem bulaşyk gatnawly şäherlerde gatnaw dyknyşygyna garşy täsin bir çözgüt tapmak üçin iş alyp barýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baş prokuror Amanmyrat Hallyýewi hem-de ona golaý prokurory wezipesinden boşatdy, içeri işler ministri Isgender Mulikowa bolsa berk käýinç yglan etdi.
Eýranyň halas ediş gullugynyň işgärleri ýurduň demirgazygyndaky kömür käninde bolan partlamadan soň, gözleg işlerini ikinji güni, ýagny 4-nji maýda hem dowam etdirdiler. Eýranyň Zähmet ministrligi ölenleriň sanynyň 35 adama ýetendigini aýdan mahaly, wakada diri galanlary tapmak ugrundaky umytlar azaldy.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmenistanda aprel aýynyň aýagynda bellenen At baýramçylygynyň programmasynyň syzyp çykan göçürmesini çap etdi
Britaniýanyň kitap neşirýat senagatynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda çeper eserlere edilýän çykdajynyň mukdary soňky bäş ýylda ýüzden 25 göterim azalypdyr.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň türk kärdeşi Rejep Taýýyp Erdogan bilen geçiren duşuşygynda, iki ýurduň “doly formatly” gatnaşyklary dikeldýändigini aýtdy.
“Azatlyk” radiosy geçen hepde, ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, Balkan welaýatynyň ozalky Gazanjyk, häzirki Bereket şäheriniň alkymynda ýerleşýän Baýram şehit gonamçylygynda oturdylan ýüzi suratly mazar daşlarynyň aýrylmagynyň talap edilýändigini habar berdi.
“Žurnalistler sessizlere ses bermek üçin iň bir howply ýerlere barýarlar” diýip, BMG-nyň Baş sekretary António Guterresiň Bütindünýä Metbugat azatlygy günündäki ýüzlenmesinde aýdylýar.
Germaniýanyň Mejlisiniň aşaky öýi Bundestag – Germaniýanyň federal mejlisiniň ýüzi durşy bilen ýapýan – nikaply eginbaşlary çäkli ýagdaýda gadagan edýän kanun taslamasyny kabul etdi.
Ýene-de ýükle