Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Owgan resmisi ýurduň günortasynda bolan bombaly ulag partlamasynda, aglabasy parahat ýaşaýjylardan ybarat 29 adamyň wepat bolandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Awtoulag serişdelerini abatlamak, olara hyzmat etmek we olary ýerlemek boýunça önümçilik birleşiginiň Aşgabat şäherindäki ussahanasynda müşderilerden alynýan töleglerde düşünişmezlikleriň bolýandygyny käbir paýtagtlylar habar berýärler.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji iýunda Aşgabady ösdürmek we Aziada-2017-ä taýýarlyk barada maslahat geçirip, wise-premýer D.Amangeldiýewe, şäher häkimi Ş.Durdylyýewe we beýleki resmilere işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi.
Häzirki gün Täjigistanyň ilatynyň aglaba köpçüligi "Ramazon" (ol ýurtda oraza şeýle at berilýär) orazasyny tutýar.
Apple firmasy "Apple Maps" (kartalar) hyzmatyny has ýörgünli ýagdaýa getirmek üçin, ony ulanýanlardan kömek isleýär. Firma munyň üçin ony ulanýanlara pul hödürleýär.
21-nji iýunda ABŞ-nyň we Hytaýyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň dowamynda, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýarag maksatnamasy we balisik raketalary bilen döredýän dowlunyň maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi, bu maslahat demirgazyk Owganystanda “Yslam” döwleti” toparynyň söweşijileri bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky söweşleriň örän güýçlenen wagtyna gabat geldi.
Özbegistan we onuň goňşusy bolan owalky sowet respublikalarynda awtokrat liderlere bagyşlanan ýörite aýdymdyr goşgulary okamagyň taryhy diýseň aňyrdan gelýär. Ýöne Daşkent hökümeti indi şol gadymy endik bilen hoşlaşmak isleýär.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 20-nji iýunda Waşingtonda prezident Donald Tramp bilen duşuşýar. Kiýew bu duşuşygy Birleşen Ştatlaryň täze administrasiýasy bilen Ukraina arasyndaky gatnaşykda möhüm ösüş diýip gutlady.
Demirgazyk Londonda bir ýük ulagynyň metjidiň öňündäki märekä gelip urmagy netijesinde bir adam ölüp, 10 adam ýaralandy. Häkimiýetler terroristik hüjüm bolmagy mümkin diýip, bu barada derňew işlerini alyp barýarlar.
Yrak goşunlary öz harby bölümleriniň we sünni tire söweşijileriniň “Yslam döwleti” toparynyň ekstremistlerini Siriýanyň golaýyndaky Al-Walid serhet geçelgesinden aňryk kowandygyny aýdýar.
2002-nji ýylyň Gadyr gijesine gabat yglan edilen günä geçişde 16 müňden gowrak tussag azatlyga çykan bolsa, bu gezek, 2017-nji ýylyň Gadyr gijesine gabat yglan edilen günä geçişde türkmen türmesinde 1029 tussagyň sany kemeldildi.
Orsýetiň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, geçen aýyň aýaklarynda Siriýada Orsýet tarapdan urlan bir zarbada “Yslam döwleti” atly ekstremisik toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdadynyň ölen bolmagy ähtimal.
TDH Halkara walýuta fondunyň ekspertleriniň şu ýylyň mart aýynda, Türkmenistana eden saparlaryndan soň ýurduň ykdysady-maliýe ýagdaýlary barada çap eden gysgaça beýanatyny çap etdi.
Ýene-de ýükle