Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Ştatlar özüniň Britaniýanyň Gibraltaryň golaýynda Eýranyň nebit tankerini tutup saklamagyny gutlaýandygyny aýtdy we muny “ajaýyp täzelik” diýip häsiýetlendirdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şu hepde adam heläkçiliklerine getiren ýangyn uran suwasty gäminiň atom energiýasynyň bolandygyny aýan etdi we goranmak ministriniň gäminiň reaktorynyň kontrol astyna alnandygyny ynandyrandygyny habar berdi.
«Žusan-2» ýörite operasiýasy arkaly Siriýadan getirilen gazagystanly ýaş maşgala Ýakyn Gündogarda geçiren alty ýylyny unudyp, dogduk topragynda täze durmuşa başlamak isleýär. Iki çaganyň enesi, onuň kiçisi iki ýaşyny doldurýar, öz öýlerinde şatlyk bilen garşylandyklaryny aýdýar.
26-njy iýunda Daşkendiň şäher sudy Özbegistanyň öňki baş prokurory Raşid Kadyrowa hem onuň jenaýat işindäki şäriklerine (jemi 13 adam) jenaýat işinde aýyplama bildirip, iş kesdi.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp özüniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen “gatnaşyklaryny örän, örän gowy” diýip taryplady, ýöne oňa ABŞ-nyň nobatdaky saýlawlaryna “goşulyşmazlygy” duýdurdy.
Gyrgyzystanyň kanunçykaryjylary ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň kanuny jogapkärçilige çekilmezlik hukugyny ýatyrmaklyga aglaba köplükde ses berip, onuň korrupsiýa aýyplamalary esasynda derňelmegine ýol açdylar.
Eýran özüniň “yza çekilmejekdigini” we 27-nji iýundan başlap urany baýlaşdyrmagy çaltlaşdyrjakdygyny aýdýar. Bu waka Tähran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlyklar artýan döwründe, Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky borçnamalaryndan yza çekilmegi dowam edýän mahalynda bolýar.
Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Bu wakaTürkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeginden 10 gün çemesi soňa gabat geldi.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýran boýunça “global koalisiýa” gurmak üçin Pars aýlygyna eden we Birleşen Arap Emirliklerini hem öz içinde aljak saparynyň dowamynda 24-nji iýunda Saud Arabystanyna bardy.
Tähran özüniň 20-nji iýunda urup ýykan ABŞ-nyň pilotsyz gözegçilik dronynyň Eýranyň howa giňişligini bozandygy hakda elinde “jedelsiz” subutnamanyň bardygyny aýdýar.
Eýran we Birleşen Ştatlar ABŞ-nyň harby dronynyň urlup ýykylmagy bilen bagly ýagdaýlar dogrusynda jedelleşýärler. Bu ýagdaý Waşingtonyň we Tähranyň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenýän wagtynda harby gapma-garşylyk aladalaryny artdyrýar.
48 ýaşly Andreý Kobyşew 2017-nji ýylyň ortalarynda ýitdi. 12-nji martda ol öz garyndaşy Pýotr Krawçenko jaň edip, bir feldşeriň telefonyny sorapdyr, onuň aýagy agyrýan eken. Pýotr oňa bir nomer iberipdir, ýöne Andreý bilen soň gepleşip bilmändir; onuň iki telefony-da öçürilipdir.
Täsirli barlag toparynyň aýtmagyna görä, dünýäniň güýçli döwletleriniň erkindäki atom ýaraglarynyň sany geçen ýyl aşaklapdyr, ýöne Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky “syýasy we harby aratapawutlar” sebäpli bu ýaraglaryň sanynyň geljekde-de azalmagy gümana.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm regional sammitleriň ýene birine gatnaşmady.
Türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türkiýäniň Russiýadan S-400 raketa goranyş sistemasyny satyn almak baradaky ylalaşygy bilen bagly Waşington tarapyndan girizilmegi mümkin islendik sanksiýalara garşy Ankaranyň jogap berjekdigini aýtdy.
Türkmenistandan syzyp çykan resmi maglumatlaryň görkezmegine görä, soňky on ýylda ýurtdan 2 milliona golaý türkmen raýaty daşary ýurtlara çykyp, şol ýerlerde işlemäge galdy.
Ýene-de ýükle