Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Owganystandan ABŞ-nyň esgerleriniň agramly böleginiň çykarylmagy ýurduň howpsuzlygyna täsir ýetirmez diýip, prezident Aşraf Ghaniniň metbugat wekili çykyş etdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin pajygaly ýagdaýlara getirjek ýadro konfliktini äsgermezçilik etmeli däldigini aýdyp, Birleşen Ştatlary Sowuk Urşy döwrüniň ýarag ylalaşyklaryndan çykmagyny tankytlady.
Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow özünden öňki prezident Almazbek Atambaýew bilen “söweşmeýändigini” aýdýar.
Birleşen Ştatlaryň Senaty üçin taýýarlanan iki hasabatda 2016-njy ýylda prezident saýlawlary döwründe ors operatorlarynyň amerikan saýlawçylarynyň pikirlerine täsir etmek üçin alyp baran kampaniýasy dokumentleşdirilýär.
Gürjüstanda Salome Zurabişwili prezidentlik kasamyny edip, ýurduň ilkinji zenan prezidenti boldy. Oppozisiýa bolsa onuň bu wezipä saýlanmagynda galplyklaryň bolandygyny aýdyp, alyp barýan prostestlerini dowam etdirýär.
Aziýanyň futbol boýunça çempionatyna gatnaşýan beýleki döwletler bilen bir hatarda Türkmenistanyň toparynyň hem şygary kesgitlendi.
12-nji dekabrda Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 ýurduň goldamagynda Türkmenistanda bitaraplyk statusy berildi.
Türkmenistanyň prezidenti ýerli toprak-howa şertlerine oňat uýgunlaşan bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýokary hasylly görnüşlerini kesgitlemegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle-de bu pudagyň degişli ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.
Gyrgyz häkimiýetleri premýer-ministriň ozalky orunbasarlarynyň birini korrupsiýada aýyplap, tussag etdiler.
ABŞ-nyň resmileri Orsýetiň orta aralyga niýetlenen ýadro ýaraglar baradaky ylalaşygy (INF) berjaý etmek we bu Sowuk urşy döwründe baglaşylan ylalaşykdan ABŞ-nyň çykmagynyň öňüni almak üçin Nowator 9M729 kysymly raketa sistemasyny ýok etmelidigini ýa-da olaryň sanyny azaltmalydygyny aýdýarlar.
28-nji noýabrda Germaniýada çap edilýän Der Tagesspiegel gazeti Türkmenistanyň ilkinji prezidenti merhum Saparmyrat Nyýazowyň yzda galan maşgala agzalarynyň Berlinde ýerleşýän Trockland Group atly gozgalmaýan emläk kompaniýasyna bolan gatnaşygyny jemgyýetçilige aýan etdi.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde ýene bir gezek hukuk goraýjylaryň wideokamerasynyň öňünde özüni ýazgarýan, jenaýat edendigini aýdyp, özüne garşy görkezme berýän we toba edýän raýatlar görkezildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň geçiren soňky raketa synagy barada ýapyk gapylaryň aňyrsynda maslahat eder. Birleşen Ştatlar we beýleki ýaranlar synagyň Geňeşiň üç ýyl mundan ozal kabul edilen kararnamasyna ters gelýän bolmagy mümkin diýýärler.
Özbegistan Türkmenistana umumy bahasy 17 million dollarlyk oba-hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň tapgyryny ugradar.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko “Germaniýa we ýaranlaryna” ýüzlenip, olaryň Gara deňizdäki gämileriniň sanyny artdyrmaga çagyrdy. Poroşenko munuň Russiýa üçin “saklaýjy faktor” boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanda “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Kanun kabul edildi. Bu baradaky degişli kanun taslamaly Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda ykrar edildi.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko NATO ýüzlenip, Russiýanyň Krymyň kenarlarynda ukrain gämilerini we ekipaž agzalaryny ele geçirenden soň, Ukrainany goramaga hemaýat bermek üçin Ýaranlygyň gämilerini Azow deňzine ýollamagyny sorady.
Britaniýanyň Türkmenistandaky nobatdaky ilçisi hökmünde Hugh Philpott bellenildi.
Özbegistanda ýurduň daýhanlar geňeşiniň başlangyçlary bilen 16 – 22-nji noýabrlar aralygynda kärendeçi daýhanlara köpçülikleýin kasam içirmek çäreleri geçirilýär.
Ýene-de ýükle