Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Orsýet Gara deňzinde, Moskwanyň kontrollygyndaky Krym ýarymadasynyň kenarlarynda Ukrainanyň gämilerine ot açyp, 23 deňizçisini ýesir alanyndan soňra Günbatar döwletleri Ukrainanyň arkasyny tutdylar.
Birleşen Ştatlaryň “Apple Inc.” we “Microsoft Corp.” ýaly kompaniýalary öz ugry boýunça diňe ilkinji orunlary eýelemän, eýse olaryň tehnologiýalary we önümleri dünýä bazaryndaky ornuny tapdylar.
Orsýetiň ýaragly güýçleri Gara deňizde, Krym ýarymadasynyň kenarýakasynyň golaýynda Ukrainanyň birnäçe gämisine ot açyp, olary eýelediler. Indi Ukrainanyň kanunçykaryjylary ýurtda harby ýagdaýy girizip-girizmezlik baradaky karar hakda maslahat geçirýärler.
Amerikanyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşi ýokary synp mekdep okuwçylaryna bir okuw ýylyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamaga mümkinçilik berýän “FLEX” (Future Leaders Exchange) programmasyna kabul edişligiň başlaýandygyny yglan etdi.
Derňeýji topar “Bellingcat” bilen Orsýetiň “The Insider” websaýty 2016-njy ýylda Çernogoriýada döwleti agdarmaga edilen synanyşyga gatnaşan Orsýetiň harby aňtaw gullugy GRU-nyň ikinji ofiseriniň kimdigini anyklandyklaryny aýdýarlar.
Orsýetiň harby aňtaw gullugy GRU-nyň başlygy Igor Korobow “auzaga çeken agyr keselden soňra” aradan çykdy diýip, ors mediasy Goranmak ministrligine salgylanyp, 21-nji noýabrda habar berdi.
Täjigistanda iýulda daşary ýurtly dört welosipedçini öldürmekde aýyplanýan “çakdan aşa zalymlyk bilen adam öldürmekde” we beýleki jenaýatlarda günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.
Türkmen häkimiýetleriniň geljek ýyldan başlap gazyň doly tölegli hasaba geçiriljekdigini yglan etmeginiň netijeleri eýýäm häzirden ýurduň dürli pudaklaryna 'oňaýsyz' täsirlerini ýetirip başlady, onlarça hojalygy hem ‘alaçsyz’ ýagdaýa saldy.
Halkara polisiýa agentligi Interpolyň täze ýolbaşçysynyň saýlanmagy ugrundaky ses berilişigiň öňüsyrasy bu gurama basyş astyna düşdi.
Türkmenistanyň prezidenti Täze ýyl baýramçylyklaryny garşylamaga hem-de bu mynasybetli geçiriljek dürli çäreleri guramaga örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Habar gullugy “Associated Press” “Talyban” toparynyň ýokary derejeli agzalarynyň Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzad bilen Katarda üç günläp gepleşik geçirendigini aýdýar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Ukrainanyň “Birleşen Ştatlardan başga beýik dostunyň ýokdugyny” aýtdy.
Lebap welaýatynyň merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň Dokmaçylar etrapçasynyň käbir jaý toplumlarynyň ýaşaýjylary şäheriň kommunal hojalyk edarasynyň lagym, ýyladyş we gaz hyzmatlaryndan nägiledigini bildirýär.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon täze gidroelektrik stansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Adam Hukuklary boýunça Ýewropanyň sudy Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny ençeme gezek tussag edip, türmä basmagy bilen, onuň hak-hukuklaryny bozandygyny aýtdy. Şeýle-de sud oňa bildirilen aýyplamalaryň “bikanundygyny” we “syýasy matlaplara esaslanandygyny” belledi.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Ýewropanyň öz armiýasyny döretmäge çagyrdy. Mundan öň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem şeýle çagyryş bilen çykyş edip, ABŞ-nyň prezidentiniň gaharyny getiripdi.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri öten hepde Tajigistanda bir türmeden bolan gozgalaňda ozal aýdylyşynyň iki essesi, ýagny azyndan 50 tussagyň ölendigini aýdýarlýar. Hökmetiň bolsa bu barada beren maglumaty ýok diýerlik.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Agyr atletika boýunça Dünýä Çempionatynda çykyş eden türkmen türgenleriniň ýokary netije görkezip bilmändiklerini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.
Makron bilen Merkel Orsýetiň goldawyndaky separatistler tarapyndan gündogar Ukrainada geçirilen saýlawlary “bikanun we ligitimligi ýok” diýip häsiýetlendirmek bilen halkara derejesinde ses berişlige garşy gönükdirilen tankytlara goşuldular.
Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň tamamlanmagynyň yzy bilen, ýaryşyň dowamynda Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň Dopinge garşy bütindünýä agentliginiň, ýagny WADA-nyň talap edýän şertlerini bozandygy barada maglumatlar gowuşýar.
Ýene-de ýükle