Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmyň polisiýasy bir ýük ulagyň gyzgalaňly söwda merkezine sürülmegi netijesinde azyndan iki adamyň ölendigini habar berýär.
Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda prezident G. Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Aziada – 2017: parahatçylygyň we progresiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres geçirilýär.
Türkmenistanda 20 ýyl gowrak wagt bäri yzygiderli dowam edýän käýinç we soňky duýduryş bermek, kadr çalyşmak syýasaty, Azatlygyň käbir okyjylarynyň pikirine görä, kadaly zat we halkyň abadançylygyna hyzmat edýär.
Fransiýanyň prezidentligine dalaşgär Francois Fillon ýurtda yslam barada berk derňewiň ýola goýulmagyna çagyryş edýär.
Birleşen Ştatlar 7-nji aprelde, ir sagatlarda, şu hepdäniň başynda asuda adamlara garşy ulanylan gyrgynçylykly himiýa ýaraglaryna jogap edip, Siriýanyň howa bazasyna onlarça ganatly raketa zarbalaryny urdy. ABŞ bu himiýa hüjüminde Siriýanyň hökümeti günäledi.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson (Rex Tillerson) ähtimal himiki hüjümiň amala aşyrylmagynyň yzýany, Orsýeti Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen gatnaşyklary barada gaýtadan oýlanmaga çagyrdy. Birleşen Ştatlar gürrüňi edilýän hüjümi amala aşyrmakda, Assadyň hökümetini aýyplaýar.
Prezident Berdimuhamedow ýurt gaznasyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň azalýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Amandurdy Işanowa berk käýinç berdi.
Prezidenti Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, hökmet başlygynyň nebit-gaz senagaty we oba hojalygy pudaklaryna gözegçilik edýän orunbasarlaryny işden boşatdy.
Depressiýa dünýädäki keselleriň we şikesleriň esasy gözbaş alýan sebäpleriniň biri saýylýar. Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) 30-njy martda çap eden beýannamasynda aýdylşyna görä, dünýäde 300 milliondan köp adam depressiýadan ejir çekýär.
Rus häkimiýetleri Sankt-Peterburgda bolan partlama bilen baglylykda, yslamçy jeňçi toparlara nöker toplamakda güman edip, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan alty raýaty tussag edendiklerini aýdýarlar.
Halkara “Freedom Hous” guramasynyň nobatdaky ýyllyk hasabatynda aýdylmagyna görä, ozalky sosialistik bloga girýän ýurtlaryň arasynda Türkmenistan bilen Özbegistan iň azat däl ýurtlaryň hatarynda galýar.
Çeçenistanyň mejlisi okuwçylaryň mekdeplere dini we milli däplere görä geýim-gejim bilen gatnamagyna rugsat berýän kanun taslamasyny kabul etdi.
Sankt Peterburgyň metrosynda bolan partlamada ölenleriň sany 14-e ýetdi. Gyrgyz häkimiýetleri esasy jogapkär diýip güman edilýäniň Gyrgyzystanda doglan ors raýatydygyny aýdýarlar.
Mordowiýanyň Romadanowsk etrap kazyýeti Belozere şäherindäki orta mekdebiň mugallymlarynyň hijap gadaganlygynyň ýatyrylmagy baradaky arzasyny ýerlikli kabul edipdir.
Resmi netijeler 2-nji aprelde geçen parlament saýlawlarynda, Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýanyň häkimiýet başyndaky “Respublikan partiýasynyň” sesleriň 50 prosente golaýyny alyp, ýeňiş gazanandygyny görkezýär.
Russiýanyň Baş prokuratura edarasynyň metbugat wekili Sankt Peterburgyň metrosynda amala aşyrylan partlamanyň terrorçylykly hüjüm bolandygyny aýdýar.
Ýene-de ýükle