Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Aşgabatda anna güni ýagan ýagyşdan soň, paýtagtyň Parahat-7 etrapçasyna kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri we ýörite tehnika eltildi.
Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Mueller 2016-njy ýylyň saýlawlaryna ruslaryň gatyşygy barada ýurduň aňtaw gulluklarynyň gelen netijelerini tassyklady.
Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti baş prokuror Wiliam Baryň (William Barr) 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna Russiýanyň gatyşygy barada ýörite geňeşçi Robert Muelleriň taýýarlan hasabatynyň redaktirlenen görnüşini 18-nji aprelde çap etjekdigini aýdýar.
Rus parlamentiniň aşaky öýi üçünji we gutarnykly ses berişlikde jedelli kanun taslamasyny oňlady. Tankytçylar bu taslama prezident Wladimir Putiniň hökümetiň internete edýän kontrollygyny giňeltmek baradaky synanyşygynyň bir bölegi diýýärler.
Ermenistan bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Daglyk-Garabag konflikti barada Moskwada gepleşiklere başladylar.
Demirgazyk-günbatar Owganystanyň Badgyz welaýatynyň iki etrabynda aldym-berdimli söweş barýar. Abykemri etrabyny Talyplar basyp aldy. Balamurgap atly etrabyň hem polisiýa edarasy jeňçileriň eline geçdi.
Ýurda soňky onýyllykda gelen iň ýykgynçylykly silden ejir çeken eýranlylar hökümetiň kömek çäreleriniň ýeterlik bolmandygyny aýdyp, gaharly protest demonstrasiýalaryny gurnaýarlar.
Orsýet tarapyndan goldalýan separatistlere we Moskwanyň ýurduň saldamly bölegini basyp almagyna garşy söweş alyp barýan ýurtda wäşi we syýasata ýaňy goşulan Wolodymyr Zelenskiý bilen häkimiýet başyndaky Petro Poroşenko prezidentlik ugrunda ikiçäk dalaşa tarap barýana meňzeýär.
Russiýanyň boks boýunça resmisi eger olimpiýa oýunlaryny guramalaşdyryjylar 2020-nji ýylda Tokýoda geçiriljek oýunlarda sportuň bu görnüşini saklap galsalar, onda Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) 16 million amerikan dollary möçberindäki karzyny özüniň tölejekdigini aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň we “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” (TAH) neşiriniň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew 23-nji martda Türkmenistany terk etdi.
Kabulda şaýy ybadathanasynyň golaýynda ýüze çykan partlamalarda azyndan alty adam öldi, başga-da 23-isi ýaralandy. Bu barada Owganystanyň Saglyk ministrligi maglumat berýär.
Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew Merkezi Aziýa ýurdy – Gazagystany – 30 ýyla golaý wagt dolandyrandan soňra, özüniň wezipeden çekilýändigini aýtdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň Ukrainanyň Gara deňziň kenaryndaky ýarymadasynyň Russiýanyň bir bölegi bolmagy diýýäniniň 5-nji ýyldönümini bellemek üçin 18-nji martda Kryma sapar edýär.
Türkmenistanyň prezidenti welaýatlarda etrabara we oba ýollaryny degişli derejede saklamak boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.
ABŞ maý aýyndan başlap Eýranyň çyg nebit eksportyny 20% kemeltmegi göz öňünde tutýar. Waşington muňa razy bolmadyk importýorlaryň ABŞ-nyň sanksiýalaryna duçar boljakdyklaryny duýdurýar.
Ýene-de ýükle